Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa goşmaça berk ykdysady çäreleri kabul etdi


Gresiýa tygşytlaýyş planlarynyň çäginde goşmaça berk ykdysady çäreleri kabul etdi. Bulara pensiýalary we aýlyk haklary azaltmak, emläge goýulýan salgydyň möçberini artdyrmak, döwlet edaralarynyň birnäçe müň işgäriniň aýlyklaryny bölekleýin tölege geçirmek ýaly çäreler girýär.

Mundan iki gün öň, grek liderleri Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen duşuşyp gepleşik geçirdiler. Gaznanyň wekilleri 8 millard ýewro karz puly bermegiň esasy şerti hökmünde grek häkimiýetleriniň tygşytlaýyş boýunça has berk çäreleri görmeklerini talap etdiler.

Gresiýanyň iki iri kärdeşler arkalaşygy bu çärelere garşy oktýabr aýynda iş taşlaýyş yglan etmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG