Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Howpsuzlyk Geňeşi Rabbaniniň öldürilmegini ýazgardy


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Owganystanyň öňki prezidenti Burhaneddin Rabbanä garşy amala aşyrylan terror hüjümini ýazgardy.

Owganystanyň barlyşyk boýunça Ýokary geňeşiniň ýolbaşçysy Rabbani sişenbe güni janyndan geçen hüjümçi tarapyndan öz öýünde öldürilipdi.

21-nji sentýabrda talyplar Rabbaniniň öldürilmegi bilen bagly kommentariý bermäge özleriniň taýýar däldiklerini aýdyp, ýörite beýanat ýaýratdylar.

Çarşenbe güni Rabbaniniň doglan ýeri Badahşan welaýatynyň merkezi Faizabad şäherinde birnäçe müň adamyň gatnaşmagynda ýöriş geçirildi.
XS
SM
MD
LG