Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Nýu-Ýorka barýar


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka resmi saparynyň başlanýandygy habar berildi.

Prezident Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çykyşy şu hepdäniň anna güni agşam sagat 19.00-a planlaşdyrylan.

Berdimuhamedowyň çykyşynyň esasan energiýa howpsuzlygyna, regional howpsuzlyga, ekologiýa bagyşlanmagyna garaşylýar.

TDH-niň munuň bilen bagly ýaýradan maglumatynda adam hukuklary, graždan jemgyýeti, syýasy azatlyklar barada hiç zat agzalmady.

Halkara guramalary Türkmenistany adam hukuklaryny, graždan azatlyklaryny gödek bozýan iň repressiw ýurtlaryň arasynda görkezýärler.
XS
SM
MD
LG