Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-Awstriýa hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy


Wenada Türkmenistanyň we Awstriýanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri özara hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki komitetiň 4-nji maslahatyna gatnaşdylar.

Maslahatda eksport we import işleri, daşalýan harytlaryň dürlüligini artdyrmak boýunça maglumat alyş-çalşygy barada pikir alşyldy we ekspertleriň yzygiderli duşuşyklarynyň zerurdygy bellendi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda uçar gatnawyny ýola goýmak barada mesele hem gozgaldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasynda nobatdaky biznes forumyny Aşgabatda geçirmek barada gürrüň edildi.

Forum Awstriýanyň prezidenti Haýns Fişeriň Türkmenistana etjek sapary bilen bagly geçiriler diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Emma bu saparyň anyk senesi entek belli däl.
XS
SM
MD
LG