Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Pakistana kömek hyzmatdaşlyga bagly bolar


Amerikan Senatynyň komiteti Yslamabadyň terrorizme garşy göreş boýunça Birleşen Ştatlar bilen etjek hyzmatdaşlygynyň derejesine görä, Pakistana ykdysady we harby kömegi dowam etdirmek baradaky kanunyň taslamasyny makullady.

Ýöne komitetiň agzalary Pakistana beriljek kömegiň möçberi barada hiç zat aýtmadylar.

Bu kanuna prezident Barak Obama gol goýmazdan öň ony bütin Senat we Wekiller öýi makullamaly.

Maglumatlara görä, 2012-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Pakistana howpsuzlyk üçin berjek kömeginiň 1 milliard dollar çemesi bolmagy mümkin.

Şu ýylyň maýynda ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklarynyň Pakistanda geçiren operasiýalaryndan soňra, iki ýurduň gatnaşyklary dartgynlaşdy. Şol operasiýada “Al Kaýdanyň” lideri Osama bin-Laden öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG