Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada nikap geýen iki zenana jerime salyndy


Penşenbe güni Fransiýanyň sudy iki zenany aprel aýynda gadagan edilen yslam nikabyny geýenlikde günäledi we olara jerime saldy.

Parižiň golaýyndaky şäheriň sudy olara 120 we 80 ýewro jerime saldy. Ol iki zenan maý aýynda şäheriň konserwatiw häkiminiň doglan günündäki dabara ýüzi nikaply barypdylar.

Fransiýa jemgiýetçilik ýerlerinde nikap we baş örtgi geýmegi gadagan eden ilkinji Ýewropa ýurdudyr. Öň polisiýa nikap geýen birnäçe zenana jerime salypdy. Emma penşenbe güni sud bu mesele bilen bagly ilkinji gezek karar çykardy.

Nikap geýen fransiýaly zenanyň 2012-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär boljakdygyny yglan etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG