Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa Owganystandan 200 esgerini çykarar


Oktýabrda Fransiýa Owganystandan 200 esgerini çykarar. Bu Fransiýanyň 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystandaky ähli esgerini çykarmak planynyň bir bölegidir.

Fransiýanyň harby wekili Terri Burkhardyň Parižde geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, şol esgerleriň oktýabr aýynyň ahyrynda Owganystany terk etmegi mümkin.

Owganystandaky NATO-nyň halkara howpsuzlyk güýçleriniň hatarynda 4 müň çemesi fransuz esgeri bar.

2001-nji ýyldan bäri Owganystanda 75 fransuz esgeri öldi.
XS
SM
MD
LG