Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada transport işgärleri iş taşladylar


Penşenbe güni Gresiýada transport işgärleriniň 24 sagatlyk iş taşlaýyşy başlandy. Olar hökümetiň býujeti tygşytlamak baradaky çärelerine närazylyk bildirýärler.

Bu iş taşlaýyşa howa we demir ýol kompaniýalarynyň, jemgyýetçilik tranportynyň işgärleri we taksi sürüjiler gatnaşýarlar. Afinyda döwlet sektorynyň gullukçylarynyň köpçülikleýin protestlerine-de garaşylýar.

Hökümet Gresiýa nobatdaky 8 milliard ýewrolyk halkara kömeginiň berilmegi üçin, býujet defisitini kemeltmek barada täze ädimleri yglan etdi. Oňa döwlet sektorynda iş orunlaryny gysgaltmak we pensiýalary azaltmak hem girýär.

Geçen aý Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrleri Gresiýa nobatdaky pul kömegini bermek meselesini oktýabra çenli gaýra süýşüripdiler.
XS
SM
MD
LG