Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinliler Obamanyň çykyşyna protest bildirdiler


Penşenbe güni müň çemesi palestinli Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Ramallah şäherine ýygnanyp, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň BMG-däki çykyşyna protest bildirdi.

Obamanyň çykyşyna närazylyk bildiren Palestinanyň kärdeşler arkalaşygynyň maglumatyna görä, olar anna güni juma namazyndan soň ABŞ-nyň arap ýurtlaryndaky ilçihanalarynyň töwereginde protest geçirmäge çagyryş etmekçi.

Çarşenbe güni prezident Obamanyň Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasa aýtmagyna görä, ABŞ BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Palestinany garaşsyz döwlet diýip ykrar etmek baradaky islendik ädimine weto goýar.

“Ahyrynda biz däl-de, ysraýyllylar we palestinliler özlerini bölýän problemalar barada ylalaşmaly. Bu ýerde gürrüň serhedi çekmek, howpsuzlyk meseleleri, bosgunlaryň yzyna dolanmagy we Iýurasalim barada gidýär. Biziň çykyşlarymyzdan soň we şol çykyşlarymyza baha berlenden soň, uzak wagtyň dowamynda bir ýerde ýaşaşmaly adamlaryň arasynda boljak barlyşyga, ylalaşyga parahatçylyk bagly bolar” diýip, Obama aýtdy.

Anna güni Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas BMG-den Palestinanyň garaşsyzlygyny ykrar etmegi resmi suratda sorar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG