Sepleriň elýeterliligi

Obama: Palestina meselesini gepleşikler arkaly çözmeli


Amerikan prezidenti Barak Obama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda çykyş edýär, Nýu-Ýork, 21-nji sentýabr.

Amerikan prezidenti Barak Obama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda çykyş edýär, Nýu-Ýork, 21-nji sentýabr.

Amerikan prezidenti Barak Obama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda bu guramanyň işleriniň özenini emele getirýän tema bolan – kemçilikli dünýäde parahatçylygy ornatmak barada durup geçdi. Ol: “Uruş we konflikt siwilizasiýalar başlaly bäri bar. Ýöne 20-nji asyryň birinji böleginde döwrebap ýaraglaryň ilerlemegi netijesinde ölüm ýokary derejelere ýetdi” diýdi.

Obama BMG-niň döredilmegine hem şu gyrgynçylyklaryň sebäp bolandygyny, onuň üns berýän zadynyň diňe bir urşy soňlamak däl-de, eýse beýleki uruşlaryň hem öňüni almakdygyny aýtdy. Ol: “Parahatçylygyň aňsat däldigi fakt. Ýöne biziň halkymyz muny talap edýär” diýdi.

Soňra Obama sözüni şeýle dowam etdi: “Men Birleşen Ştatlar üçin iki uruş barýan döwürde wezipe başyna geldim. Üstesine-de, bizi bu urşa çeken gazaply ekstremistler, ilkinji nobatda hem Osama bin Laden bilen onuň “Al-Kaýda” guramasy erkin hereket edýärdi. Ýöne indi biz täze ugra gönükdik”.

Obama: “Bir oýlanyp görüň, bir ýyl mundan ozal Nýu-Ýorkda şu ýerde duşuşanymyzda günorta Sudanda üstünlikli referendum perspektiwasy şübhe astyndady, ýöne halkara arkalaşygy köne bölünişikleri ýeňip geçdi” diýdi.

“Arap bahary”

Amerikan prezidenti çykyşynda Tunis, Müsür we Liwiýada bolan özgerişleri-de agzady: “Bir ýyl mundan ozal Tunis halkynyň umytlary basylyp ýatyrylýardy. Ýöne olar demir ýumrugyň hökümdarlygyna garşy parahatçylykly protest mertebesini saýlap tutdular”.

Prezident Obama Müsür barada: “Bir ýyl mundan ozal Müsür 30 ýyla golaý bäri diňe bir prezidenti bilýärdi. Ýöne dünýä ilatynyň gözi 18 günläp Tahrir meýdanyna dikildi. Bu ýerde jemgyýetiň ähli gatlagy – erkekler we aýallar, ýaşlar we garrylar, musulmanlar hem hristianlar – öz ählumumy hukuklaryny talap etdiler” diýdi.

Amerikan prezidenti şeýle hem Liwiýa halkynyň dünýäniň iň uzak höküm süren diktatorynyň garşysyna batyrlyk bilen nähili aýak üstüne galandygyny taryplady. Obama: “Rewolýusiýanyň ilkinji günlerinde liwiýalylaryň aýak üstüne galyp ‘biziň sözlerimiz indi erkin’ diýenini asla unutmarys”.

“Bu bir täsin ýyl boldy. Kaddafiniň režimi sowuldy. Gbagbo, Ben Ali we Mubarek indi häkimiýet başynda däl. Osama bin Laden gitdi, özgeriş zorluk arkaly gelýär diýen düşünje hem onuň bilen gömüldi” diýip, Birleşen Ştatlaryň prezidenti aýtdy.

Palestina meselesi

Prezident Palestina barada hem öz pikirlerini beýan etdi. Ol özüniň bir ýyl mundan ozal garaşsyz Palestina üçin çagyryş edendigini, palestina halkynyň öz garaşsyz döwletiniň bolmagyna şonda hem ynandygyny, häzir hem ynanýandygyny nygtady.

Ýöne, Obamanyň garaýşyça, parahatçylyk diňe ysraýyllylar bilen palestinalylar arasynda gazanylyp bilner: “Parahatçylyk bir kyn iş. Beýannamalar we Birleşen Milletler Guramasynda çykarylan rezolýusiýalar bilen parahatçylyk gelmez. Bu iş beýle aňsat bolsady, ol eýýäm bolardy”.

Obama şeýle hem Birleşen Ştatlaryň Ysraýylyň howpsuzlygy barada öz üstüne alan borçlarynyň üýtgewsizdigini nygtady. “Biziň Ysraýyl bilen bolan dostlugymyz çuň we dowamlydyr” diýip, Obama aýtdy.

Amerikan prezidenti Eýranyň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigine ynananok. Ol bu hakda şeýle diýdi: “Parahatçylyk kyn. Ýöne onuň mümkindigini bilýäris. Şol sebäpden onuň gorkularymyz bilen däl-de, umytlarymyz bilen kesgitlenmegini görmegi ýüregimize düweliň. Geliň, bilelikde ýaraşyk edeliň. Iň möhümi bu ýaraşygyň dowamly bolmagy”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG