Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Türkmenistan: bikanun neşe serişdelerine garşy bilelikdäki göreş dowam etdiriler


Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) we Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Robert Patterson ylalaşyga gol çekişýär, 21-nji sentýabr.

Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) we Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Robert Patterson ylalaşyga gol çekişýär, 21-nji sentýabr.

21-nji sentýabrda Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň hökümeti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatalarynyň hökümetiniň arasynda bikanun neşe söwdasyna gözegçilik etmek we hukuk goraýjy edaralary bilen işleşmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda ylalaşyga gol çekildi. Gol çekişlige Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Robert Patterson gatnaşdy.

Gol çekişlik dabarasynda Birleşen Ştatlar bilen Türkmenistanyň arasyndaky “Neşe serişdelerine gözegçilik we hukuk goraýyş edaralaryna ýardam bermek baradaky ylalaşyga” bäşinji goşmaça resminama tassyklandy. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar boýunça resmisi Bredli MakWaýr girizilen goşmaçanyň “neşe söwdasyna garşy göreş” proýektiniň dowam etdirilmegine ýardam berjekdigini belledi.

MakWaýryň sözlerine görä, bu ylalaşyk bikanun neşe söwdasyna garşy iş alyp barýan gullugyň işgärleriniň iş ukyplaryny özgertmäge we Türkmenistanyň bikanun neşe dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Döwlet gullugynyň okuw merkezini kämilleşdirmäge gönükdirilen. Şeýle-de bu gullugyň işgärleriniň derňew geçirmek we güman edilýänleri tutup saklamak ukyplaryny ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Bikanun neşe dolanyşygy, neşekeşlik dünýä jemgyýetçiligine uly howp salýar. Ençeme ekspertler adamlaryň neşe söwdasyna baş goşmagyna we neşekeş bolmagyna jemgyýetdäki sosial ýagdaýlaryň ýaramazlygy we işsizlik sebäp bolýar diýen pikirde. Halkara hasabatlarda bolsa Türkmenistanda işsizlik derejesiniň ýokarydygy çaklanylýar, bu barada resmi statistiki maglumatlar halk köpçüligine elýeterli däl.

Lebaply Röwşen öz inisiniň Oba hojalyk institutyny tamamlap, diplom alansoň, özüne iş tapyp bilmändigini aýdýar. Netijede ol işsiz we neşekeş deň-duşlaryna goşulyp, kem-kemden neşe öwrenipdir. “Biziň kiçimiz neşekeşe öwrüldi. Näçe bejergi etdik bolmady. Hudaý ýüregine guýmasa, bolmaýan eken. Öýmizdäki bar zalary satypdyr. Ýaşaýan jaýy boşap galypdyr. Obamyzda ýaşlaryň arasynda neşekeş köpelip barýar” diýip, Röwşen aýdýar.

“Sosial kesel”

Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe maddalaryna hem jenaýatçylyga garşy göreş boýunça edarasynyň 2010-njy ýyl boýunça neşe barada ýaýradan hasabatynda Türkmenistanda diňe geroin ulanýan neşekeşleriň sanynyň 31 müňden gowrakdygy aýdylýar. Emma ýerli synçylar geroin neşekeşleriniň sanynyň bu getirilýän sandan birnäçe esse köpdügini çaklaýarlar.

Soňky döwürdeTürkmenistan Ýewropada Hopwsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen bikanun neşe dolanyşygyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýerli media Türkmenistanyň neşekeşligiň, neşe gaçakçylygynyň öňüni almak, neşe serişdelerine garaşly bolan adamlary ýüze çykarmak we bejermek boýunça yzygiderli tagalla edýändigini ýazýar.

Emma synçylar bu tagallalary ýeterlik hasaplamaýarlar. Adam hukularyny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Türkmenistanda neşekeşlige we neşe söwdasyna garşy hakyky göreş üçin ýurtda kanunyň rugsat berýän çäklerinde jemgyýetçilik birleşikleriniň döremegine mümkinçilik döretmelidigini nygtaýar:

—Bu ýiti sosial kesel. Onuň garşysyna göreşip, türkmen jemgyýeti ondan halas bolmaly. Munda döwletiň oýnap biljek roly - kanunyň rugsat berýän çäklerinde jemgyýetçilik birleşikleriniň döremegine, peýda bolmagyna döwlet päsgel bermeli däl. Eger-de şeýle jemgyýetçilik birleşikleri dörese, onda olar öz programmalary bilen bu işe ýardam ederdi. Maliýe serişdelerini tapardy. Şol toparlar döwletiň eli ýetmeýän meselelerini çözüp bilýärler. Aslynda şeýle birleşikler näçe köp bolsa, jemgyýet üçin şonça gowy bolýar.

BMG-niň neşe barada 2010-njy ýyla degişli hasabatynda dünýädäki tirýekdir geroiniň takmynan 90%-niň Türkmenistanyň goňşusy Owganystanda öndürilýändigi aýdylýar. Barlaglaryň netijesine görä, tutuş dünýäde sarp edilýän tirýegiň 60%-i Owganystanyň goňşulary Eýranda, Pakistanda, Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda sarp edilýär.
XS
SM
MD
LG