Sepleriň elýeterliligi

6 tonnalyk amerikan sputnigi ýere gaçmaly


Birleşen Ştatlaryň NASA agentliginiň maglumatyna görä, geljek 24 sagadyň dowamynda agramy 6 tonna barabar amerikan sputnigi ýere gaçmaly.

Onuň haçan we niräk gaçjakdygyny anyklamak mümkin däl diýip, NASA-nyň spesialistleri aýdýarlar.

Bilermenleriň bellemegine görä, şeýle kosmos desgalary aşak inende, sürtülmä ýanyp, birnäçe bölege bölünýär.

2005-nji ýylda öz programmasyny ýerine ýetiren sputnigi häzir dolandyrmak mümkin däl diýip, NASA-nyň beren maglumatynda aýdylýar.

Spesialistler ýer şaryna ýakynlap gelýän sputnige gözegçilik edip, onuň gaçmaly ýerini öňünden anyklamaga synanyşýarlar.
XS
SM
MD
LG