Sepleriň elýeterliligi

Milli geçiş geňeşiniň goşunlary Sabhany eýelediler


Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň goşunlary kaddafiçileri ýeňip, Sabha şäherini eýelediler. Indi Liwiýanyň günortasy doly täze häkimiýetiň gözegçiligine geçdi.

Häzir Liwiýada Bani-Walid bilen Sirte şäherleri Kaddafini goldaýanlaryň elinde bolup, täze häkimiýet goşunlaryna garşylyk görkezmegi dowam etdirýärler.

22-nji sentýabrda Tripolide Birleşen Ştatlaryň ilçihanasy gaýtadan işläp başlady.

Liwiýanyň premýer-ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Mahmud Jabril täze hökümetiň 10 günüň dowamynda düzüljekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG