Sepleriň elýeterliligi

“Ýüpek ýoluny” dikeltmek barada maslahat edildi


22-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda Owganystanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň hem 20 çemesi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda “Ýüpek ýoluny” dikeltmek barada maslahat edildi.

Häzirki zaman “Ýüpek ýolunyň” dikeldilmeginiň iri ykdysady proýektleriň amala aşyrylmagyna ýardam berip biljekdigi barada gürrüň edildi.

Şeýle proýektleriň arasynda Türkmenistandan Pakistana hem Hindistana gaz akdyryp biljek “Transowgan” gazgeçirijisi hem agzaldy.

Bu maslahata gatnaşan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton regionyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň Owganystandaky ýagdaýa hem oňyn täsir edip biljekdigini belledi.

Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle Owganystanda asudalygy dikeltmek boýunça dekabr aýynda Germaniýada geçiriljek halkara konferensiýasynda gadymy “Ýüpek ýoly” ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny ýaňadan dikeltmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG