Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýemeniň prezidenti Saleh ýurduna dolandy


Anna güni Ýemeniň döwlet telewideniýesiniň beren maglumatyna görä, prezident Ali Abdullah Saleh Saud Arabystanynda üç aýlap saglygyny bejerdenden soň, Ýemene dolandy.

Habar beriş serişdeleri onuň harby uçarda anna güni irden Sanaa gelendigini mälim edýärler.

“Al Arabiýa” telekanalynyň maglumatyna görä, Saleh ýurdy dolandyrýan partiýanyň maslahatyna ýolbaşçylyk edipdir.

Ýemeniň prezidenti öz rezidensiýasynda oppozisiýa tarapdarlarynyň hüjüminde ýaralanandan soňra, Saud Arabystanyna gidipdi. Saleh we onuň birnäçe çinownigi Er Riýadda saglygyny bejertdiler.

Şol bir wagtda Salehiň wezipesinden gitmegini talap edýän köpçülikleýin protestler dowam edýär. Saleh Ýemende 30 ýyldan gowrak prezident boldy.

Anna güni Sanaada bolan çaknyşyklarda ençeme adamyň ölendigi aýdylýar.

Geçen ýekşenbe güni paýtagtda bolan protestler netijesinde howpsuzlyk güýçleriniň we oppozisiýanyň tarapyna geçen harbylaryň arasynda gazaply çaknyşyklar başlandan soňra, 80-den gowrak adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG