Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde özbek raýaty 200 gram tirýek bilen tutuldy


Orsýetiň Irkutsk oblastynyň Angarsk şäherinde Özbegistanyň raýaty 200 gram tirýek geçirmäge synanyşandygy üçin, türme tussaglygyna höküm edildi.

Sud ony 6 ýyl 8 aý azatlykdan mahrum etdi we ol özüne berlen möhleti berk düzgünli koloniýada geçirmeli bolar.

Bu barada “Interfaks” agentligi Irkutskiniň neşelere kontrollyk boýunça edarasyna salgylanyp habar berdi.

Irkutsk oblastynyň taryhynda ilkinji gezek tirýegiň uly möçberi 2009-njy ýylyň awgustynda ele salnypdy.

Derňewçiler bularyň Irkutsk oblastyndan başga ýerlerde hem hereket edýän guramaçylykly jenaýatçy toparlara degişlidiginiň üstüni açdylar.
XS
SM
MD
LG