Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejadyň BMG-däki çykyşyna protest bildirildi


Penşenbe güni BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edarasynyň töweregine ýüzlerçe adam ýygnanyp, Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çykyşyna protest bildirdiler.

Protesti eýranly amerikanlaryň assosiýasiýasy gurnady.

Demonstrasiýa gatnaşanlar Ahmedinejada garşy şygarlary we Eýranda adam hukuklarynyň bozulýandygy baradaky faktlar ýazylan plakatlary göterip çykdylar.

Şol wagt prezident Ahmedinejad BMG-niň Baş Assambleýasynda söz sözleýärdi we esasan Amerika hem Günbatara garşy çykyş edýärdi.

Ahmedinejad çykyş edýärkä, günbatarly delegatlar Baş Assambleýanyň sessiýasyny terk etdiler.
XS
SM
MD
LG