Sepleriň elýeterliligi

Karimow özbek-hytaý gatnaşyklaryny öwdi


Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow öz ýurdunyň Hytaý bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berdi.

Karimow Hytaýyň Halk kongresiniň başlygy Wu Banguo bilen Daşkentde duşuşandan bir gün soňra, telewideniýe arkaly bu barada çykyş etdi.

Özbek hökümetiniň beren habaryna görä, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklara gol goýlupdyr. Başga jikme-jik maglumat berilmedi.

Aprel aýynda hem Özbegistan bilen Hytaý birnäçe ylalaşyga gol goýdular. Olaryň arasynda 5 milliard amerikan dollary möçberinde inwestisiýa proýektleri hem bardy.
XS
SM
MD
LG