Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň öňki prezidenti Rabbani jaýlandy


Anna güni Kabulda Owganystanyň öňki prezidenti Burhaneddin Rabbani jaýlandy. Ony jaýlamaga köp adam gatnaşdy we bu çärä berk howpsuzlyk gözegçiligi edildi.

Owganystanyň parahatçylyk boýunça geňeşiniň başlygy Burhaneddin Rabbani 20-nji sentýabrda öz öýünde öldürildi.

Rabbani jaýlananda, onuň öldürilmegine gahar-gazap bildirýän tarapdarlary resmileriň ulaglaryny daşladylar. Polisiýa olary dargatmak üçin howa ot açdy.

Rabbanini jaýlaýyş çäreleri wagtynda çykyş eden prezident Hamid Karzaý talyplar bilen barlyşyk aladalarynyň dowam etdiriljekdigini belledi.

“Owganystanda parahatçylyk üçin tagalla edenleriň gany biziň ýurtda barlyşyk we howpsuzlyk ugrundaky tagallalarymyzy dowam etdirmegimizi talap edýär. Halk özüniň azat bolmagyny we çagalary üçin ajaýyp geljegi gurmagy karar edende, onuň ähli namartçylykly jenaýatlara we duşmançylyklara garşy göreşmekden el çekmejekdigini subut etmegimiz zerur” diýip, prezident Karzaý aýtdy.

Owgan polisiýasy Burhaneddin Rabbaniniň öldürilmeginde talyplara şübhe bildirse-de, olar bu wakanyň jogapkärçiligini boýun almaýarlar.
XS
SM
MD
LG