Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Pan Gi Mun bilen duşuşdy


Pan Gi Mun we prezident Berdimuhamedow regional hyzmatdaşlyk, şol sanda terrorizme garşy göreş barada hem gürrüň etdiler.
Pan Gi Mun we prezident Berdimuhamedow regional hyzmatdaşlyk, şol sanda terrorizme garşy göreş barada hem gürrüň etdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso we Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen duşuşdy.


BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun prezident Berdimuhamedow bilen duşuşygynda Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýada prewentiw diplomatiýa boýunça merkezini Türkmenistanyň goldamagy dowam etdirýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Azatlyk Radiosynyň Nýu-Ýorkdaky habarçysy Nikola Krastewiň beren habaryna görä, Pan Gi Mun we prezident Berdimuhamedow regional hyzmatdaşlyk, şol sanda terrorizme garşy göreş barada hem gürrüň edipdirler.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň ykdysady hyzmatdaşlygy üçin edýän tagallalaryna, regionda ýaragsyzlanma we energiýa pudagy boýunça görkezýän inisiatiwalaryna gowy baha berdi.

Şonuň ýaly-da Pan Gi Mun 2012-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary bilen bagly prosesi BMG-niň goldamagyny dowam etdirjekdigini aýtdy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

ÝB we Ukraina

Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso bilen hem duşuşdy. Olar halkara we regional meseleleri, şol sanda Türkmenistanyň we ÝB-niň özara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem geljegini maslahatlaşdylar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz syýasatynda Ýewropa gönükdirilen ugra ygrarlydygyny tassyklap, ýurduň uly kuwwatynyň taraplaryň ählisiniň bähbidine laýyk gelýän uly möçberli halkara taslamalarynyň ählisiniň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barrosony Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen bagly geçirilýän dabaralara gatnaşmaga çagyrdy diýip, türkmen metbugatyhabar berýär.

Berdimuhamedow penşenbe güni Nýu-Ýorkda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen hem gysga wagtlyk duşuşyk geçirdi. Bu barada anna güni ukrain lideriniň metbugat gullugy habar berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç 12-nji we 13-nji sentýabrda Aşgabada resmi sapar etdi. 2012-nji ýylda bolsa prezident Berdimuhamedowyň Kiýewe resmi sapar etmegine garaşylýar.

Anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG