Sepleriň elýeterliligi

Kime bähbit, kime betbagtçylyk


Türkmenistanda ekilen temmäki, 2011-nji ýylyň awgust aýy.

Türkmenistanda ekilen temmäki, 2011-nji ýylyň awgust aýy.

Ýurtda çilimiň gymmatlamagy çilimkeşler üçin uly problema öwrülenem bolsa, türkmen daýhanlarynyň köpüsine baýlyk eçildi. Pomidor, hyýar, kartoşka ekip, onuň-da aglabasyny gurçuga iýdirip, iki eli boş galýan daýhanlar indi temmäki ekýarler. Çilimiň gymmatlamagy bilen temmäkiniň bir kilogramynyň bahasy otuz manada çykdy.

Ýerleriň sandan çykmagynyň netijesinde, daýhanlar gök hem bakja önümlerini satyp, ondan düşýän puldan ýeterlik girdeji alyp bilmeýärler. Şeýle bolansoň, ýurtda temmäkiniň garşysyna kararlaryň kabul edilendigine garamazdan, olar temmäki ekmekden ýüz öwürmeýärler.

Häzir temmäki tutuş ýurduň daýhanlarynyň ekinine öwrülip barýar. Çilim gytçylygy ýüze çykyp, çilimkeşleriň temmäkini neşe edinip ugramagynyň netijesinde, temmäkini öň ekmeýän obalar hem ekip başladylar.

Temmäki ogrulary

Temmäki satyp, 10 müň-20 müň amerikan dollaryny gazanandyklaryny aýdyp magtanýan daýhanlar kän. Düşmedi diýlende bir sapar ekilen temmäkiden üç-dört müň amerikan dollaryny gazanmagyň mümkindigini daýhanlar aýdýarlar. Pomidor, hyýar, gawun-garpyz satyp beýle puly düşürip bolmaýar.

Daýhanlar temmäki gytçylygynyň temmäki ogrularyny hem döredenligini aýdýarlar. Obalarda gijelerine temmäki ogurlygy köp bolýar. Ýyglyp, guradylyp, ganarlara salnyp, tamyň üçeklerinde bukulyp goýulýan temmäkiler aldygyna ogurlanýar.

Temmäkilerini ogurladýanlar ogrularyň haçan gelip, temmäkileri ogurlap gidýänlerini bilmän galýarlar. Jaýyň üçegine girilýän gapynyň ýapylyp goýlan halatynda-da ogrularyň duýdurman bir şiferi goparyp, oljalaryny alyp gidýändiklerini aýdýarlar.

Iň çatak ýeri, temmäkisiniň ogurlanandygyny daýhanlar polisiýa-da habar berip bilmeýärler. Sebäbi kanun taýdan temmäki ekmek gadagan. Şeýle bolansoň, köp adamlar öňki döwürler sygyr jaýlarda saklanan temmäkileri hut özleriniň ýatýan jaýlarynda saklaýarlar.

Yrýa edilenok

Çilim gymmatlamazyndan öň temmäkiniň diňe iri ýapraklary nas üçin alnardy. Çybygy bilen köki ýa-ha taşlanardy, ýa-da tamdyra salnyp, odun edilerdi. Çilimiň gymmatlamagy bilen temmäki yrýa edilenok. Indi temmäki söwdagärleri onuň hatda gara gum bolup ýatan köklerine çenli satyn alýarlar.

Alyp-satarlar temmäkiniň köki bilen çybygyny üwäp, mahorka ýasaýarlar. Ýapraklaryndan bolsa nas ýasalýar.

Temmäki ekýän daýhanlar tomsuň ortasyndan güýze çenli hasyl alýarlar. Beýleki möwsüm mart aýynyň 22-sinden, ýagny nowruz geçenden tomsuň ortasyna çenli dowam edýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG