Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda çykyş etdi


Anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda çykyş etdi.




Berdimuhamedowyň eden çykyşy barada Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky habarçysy Muhammad Tahir radionyň BMG-däki habarçysy Nikola Krastew bilen söhbetdeş boldy.

Muhammad Tahir: Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etdi. Onuň çykyşynda gozgalan esasy temalar nämelerden ybarat boldy?

Nikola Krastew: Ol öz çykyşynda ençeme meseleleri gozgady. Mundan öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl hem onuň eden çykyşy we gozgan temalary o diýen takyk däldi. Ol umuman halkara forumlary geçirmek ýaly käbir teklipleri hödürledi.

Ol her ýyl Türkmenistanyň bitarapdygy barada gürrüň edip, Aşgabadyň hiç bir ýurduň tarapyny tutman, parahatçylykda ýaşamak isleýändigini we daşary sýyasatynyň şundan ugur alýanlygyny gaýtalap gelýär.

Prezident Berdimuhamedowyň eden çykyşynda meniň ünsümi çeken zatlardan biri hem onuň energiýa eksportynyň howpsuzlygyny üpjün etmek barada hödürlän teklibi boldy. Türkmenistanyň gaza baý ýurtdugy göz öňünde tutulanda, bu o diýen geň galar ýaly zat däl.

Şeýle-de ol klimatyň üýtgemegi barada gürrüň edip, bu mesele boýunça Türkmenistanda uly göwrümli dokumentiň taýýarlanýandygyny aýtdy. Şeýle dokumenti taýýarlaýan başga näçe ýurduň bardygyny bilemok, ýöne meni onuň nähili netije berjegi gyzyklandyrýar. Aýratynam Aşgabadyň şeýle proýektleri amala aşyrmak boýunça ukyby sorag bolup durýar.

Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasy juda kiçi. Ýagny, Nýu-Ýorkda BMG boýunça Türkmenistanyň ýörite wekili bilen diňe iki sany diplomat iş alyp barýar. Şunlukda, olaryň BMG tarapyndan alnyp barylýan işlere we proýektlere gatnaşmak mümkinçiligi juda çäkli.

Elbetde, men bu ugurda haýsydyr barlag işini geçirmedim, emma Türkmenistan prezident Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenen halkara teklipleriň hötdesinden gelip biler öýdemok.

Muhammad Tahir: Berdimuhamedowyň özi çykyşynda öňe süren teklipleriniň nähili amala aşyryljakdygy hakda gürrüň etdimi?

Nikola Krastew: Onuň hödürlän tekliplerinden biri Türkmenistanyň Hazaryň daşky gurşawyny goramagy bilen baglydy. Ol bu mesele hakda Aşgabatda halkara forum geçiriljekdigini aýtdy. Edil şu mesele barada aýdylanda, bu halkara mesele däl, regional bir tema bolansoň, belkem Türkmenistanyň bu ugurda anyk ädim ätmäge mümkinçiligi bardyr.

Muhammad Tahir: BMG-niň Baş Assambleýasynda edilen çykyşlaryň aglaba bölegi Ýakyn Gündogar, esasanam Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlylyga gönükdirildi. Şeýlelik-de Berdimuhamedowyň eden çykyşy we gozgan temalary Baş Assambleýanyň gün tertibine nädereje gabat gelýärdi?

Nikola Krastew: Prezident Berdimuhamedowyň çykyşynyň şol meseleler bilen hiç hili baglanşygy ýokdy. Belkem anna güni çykyş eden liderleriň arasynda Berdimuhamedow Palestinany we onuň garaşsyzlygyny agzamadyk ýeke-täk lider bolsa gerek. Belkem bu pozisiýa ýurduň bitaraplyk sýyasatyna gabat gelýän bolmaly, sebäbi olar Türkmenistanyň hiç bir ýurduň tarapyny tutmaýandygyny aýdýarlar. Başgaçarak söz bilen aýdylanda, olar Ysraýylam goldanoklar, Palestinanam.

Emma, öz pikirimi aýtsam, prezident Berdimuhamedowyň bu mesele hakda dil ýarmazlygy juda geňdi, sebäbi anna güni çykyş eden liderleriň ählisi diýen ýaly şu mesele hakda bir zatlar aýtdylar, öz pikirlerini beýan etdiler.

Muhammad Tahir: Siz prezident Berdimuhamedowuň çykyşlaryny mundan ozalky ýyllar hem diňläpdiňiz. Öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, onuň anna güni eden çykyşynda nähili tapawut gözüňüze ildi?

Nikola Krastew: Prezident Berdimuhamdowyň eden çykyşy beýleki liderleriň eden çykyşlaryň arasynda o diýen tapawutlanyp duran çykyş däldi. Emma aýdylmaly bir zat, onuň çykyşynyň göwrüminiň BMG tarapyndan bellenilen möhlete, ýagny galyba gabat gelmegidir. Meselem käbir liderler örän köp geplediler. Prezident Abbas 45 minutlap, Ysraýylyň premýer-ministri Netanýahu bolsa 38 minutlap gepledi. Emma prezident Berdimuhamedowyň çykyşy 15 minut töweregidi.

Başga-da aýdylmaly zat, men 2007-nji ýyldan bäri prezident Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynda edýän çykyşlaryny diňläp gelýärin, onuň çykyşy, çykyşynyň äheňi we mazmuny o diýen üýtgemeýär. Sebäbi soňky 5 ýyldan bäri, umuman aýdylanda, ol şol bir zatlary gaýtalap we şol bir maddalary teklip edip gelýär.

Şeýle-de ol umumy meseleler barada gaty umumy gürrüň edýär we hiç haçan metbugat ýygnagyny geçirmeýär. Şol sebäpli, žurnalistler üçin onuň näme diýjek bolýanyna düşünmek juda kyn bolýar. Eger türkmen ýolbaşçylary metbugat bilen aragatnaşyk gurmasalar, habarçylara olaryň aýtjak bolýan zatlaryny diňe çaklaýmak galýar.
XS
SM
MD
LG