Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene-de çökgünlikmi?


Dünýä bazarlaryndaky soňky ýagdaýlar bilermenlere ony 2008-nji ýylda başlan maliýe-ykdysady çökgünlik bilen deňeşdirmäge mejbur etdi.
Dünýä bazarlaryndaky soňky ýagdaýlar bilermenlere ony 2008-nji ýylda başlan maliýe-ykdysady çökgünlik bilen deňeşdirmäge mejbur etdi.

Dünýäniň we Orsýetiň maliýe bazarlarynda dowam edýän pese gaýdyşlyk bilermenleri 2008-nji ýylyň çökgünligini ýatlamaga mejbur etdi.


Diňe 23-nji sentýabrda, hepdäniň iň soňky iş gününde Orsýetiň maliýe bazary Ýewropadan gelip gowuşýan birsydyrgyn ýakymly täzelikleriň çäginde özüniň pese gaçyş depginini birneme gowşatdy. Şeýle ýagdaý soňky günler äşgär göründi. Şundan ozal, penşenbede, 22-nji sentýabrda, Orsýetiň maliýe bazarynyň esasy indeksleri 8 prosent töweregi aşak düşüpdi. Içerki pul bazarynda-da ýagdaý şuňa çalymdaşrak: hepdäniň başynda we ortasynda rubluň dollara we ýewro bolan gatnaşygynyň duýdansyz gowşamagyndan soň, anna güni onuň pese gaýdyş kursunyň derejesiniň möçberleri beýle bir uly bolmady.

21-nji sentýabrda, çarşenbede ABŞ-nyň Federal rezerw sistemasynyň amerikan ykdysadyýetiniň ösüşiniň peselmeginiň görnetin töwekgelçilikleri barada habar bermegi maýa goýujylary oda-köze düşürdi. Sebäbi bu babatda yglan edilen täze höweslendirme çäreleri garaşylyşyndan gowşak bolup çykdy. Ýöne, bilermenleriň pikiriçe, bazarlaryň pese gaçmagynyň esasy sebäbi — Ýewropa problemalary. Bu barada, hususan-da, «Arbat Kapital» kompaniýasynyň uprawleniýesiniň analiz bölüminiň ýolbaşçysy Sergeý Fundobnyý şeýle diýýär:

—Meniň pikirimçe, soňky günleriň dowamynda biziň gazna meýdançalaryndaky, haryt-çig mal bazarlaryndaky synlaýan pese gaýdyşlygymyzyň esasy sebäbi, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen baglanyşykly. Ýewropada henizem Gresiýa, şonuň ýaly-da bergilerden ýüki ýetik beýleki ýurtlar, birinji nobatda, Italiýa bilen problemalar entegem saklanyp galýar. Şonuň üçinem, meniň nazarymça, häzir Gresiýanyň defolta gitmeli boljagy baradaky pikirler barha güýçlenýär. Onuň möhletleri baradaky nähilidir bir ylalaşyklaryň eýýäm bar bolmagy-da ähtimal. Bazarlardaky satuwlar hut şeýle wakanyň öňüsyrasyndaky ýagdaýlar bilen bagly bolup biler. Şu sebäpli banklar we gaznalar dollarlara we amerikan döwlet obligasiýalaryna geçmek bilen öz likwid (tiz satyp bilmek) aktiwlerini berkidýärler — diýip, Sergeý Fundobnyý hasaplaýar.

Dünýä bazarlaryndaky soňky ýagdaýlar bilermenlere ony 2008-nji ýylda başlan maliýe-ykdysady çökgünlik bilen deňeşdirmäge mejbur etdi. “Alfa-bankyň” baş ykdysatçysy Nataliýa Orlowanyň pikiriçe, global ykdysadyýetiň täzeden pese gaçmagy häzir ozalkydan has hatarly görünýär:

—Elbetde, häzirki ýagdaý 2008-nji ýyldakydan birneme tapawutlanýar. Şonda çökgünlik dünýä möçberinde, ilkinji nobatda hem Amerikanyň bankara bazarynda bolupdy. Häzir biz Ýewropanyň bankara bazaryndaky çökgünlik ýagdaýy bilen ýüzbe-ýüz. Çökgünlik ýaňybir beýleki ýurtlara süýrenip başlady, ýöne çökgünlik, gürrüňsiz, uly güýje eýedir. Beýleki bir tarapdan, şu ýyl ýene bir faktor — global resessiýa (pese gaçyş) faktory hem hereket edýär. Şonuň üçinem, meniň pikirimçe, häzir ýagdaý belli bir derejede 2008-nji ýyldakydan agyr. Şol ýyldaky gorky-wehim, köplenç halatda, maliýe bazarlary bilen baglanyşyklydy, şu bazarlardaky bolýan zatlaryň real sektora täsir edişi bilen baglanyşyklydy. Häzir hut real ykdysadyýet özüni örän ýaramaz duýýan ýaly — diýip, Nataliýa Orlowa düşündirýär.

Orsýet üçin töwekgelçilik

Dünýä ykdysadyýetiniň nobatdaky resessiýasy, gürrüňsiz, Orsýete-de täsirini ýetirer diýip, bilermenler ynandyrýarlar. Orsýet üçin ykdysady ösüşiň haýallaýan şertlerinde zerurlygyň peselýänligi sebäpli nebitiň bahasynyň aşak düşmegi iňňän kynçylykly pursat bolar. Şeýle-de bolsa, “Arbat Kapitally” Sergeý Fundobnynyň aýtmagyna görä, has lokal netijelerem bolup biler:

—Düýpli nazaryýetden garanyňda, Ýewropadaky bergiler bilen bagly ýaramaz ösüşiň ýagdaýyndan we ABŞ-da bolaýmagy mümkin resessiýadan esasy howp-hatar — munuň özi, elbetde, haryt çig-mal bazarlaryndaky ýagdaýlardyr. Başgaça aýdanyňda, eger-de Ýewropada we Birleşen Ştatlarda ykdysady ösüş görnetin haýallasa, onda nebitiň bahasy häzirki derejesinde durmasa gerek. Has gysga möhletli we peýdakeşlik perspektiwalary nukdaý nazaryndan alanyňda nämeler boljak, belli däl. Gresiýada defolt barada habar berilmeginiň esasy howp-hatary, megerem, onuň yzysüre howp-hatarly aktiwlerden goragly zatlara ýüz urmagyň nobatdaky tolkunynyň başlaýmagy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň bilen birlikde, elbetde, Orsýetiň aksiýalary, obligasiýalary, şonuň ýaly-da, Orsýetiň rubly-da satylyp başlanar…

“Alfa-bankyň” baş ykdysatçysy Nataliýa Orlowanyň pikiri-de şonuň bilen gabat gelýär:

—Nebitiň bahasy pese düşse, onuň bahasynyň aşak gaçmagyny gowşatmak zerurlygy ýüze çykar. Şonda walýuta kursunam gowşatmaly bolar. Walýuta kursunyň aşak düşmegi, rubluň gowşamagy Orsýetiň ilatynyň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagyny aňladar. Soňra importyň (daşary ýurtlardan haryt getirilmegi) möçberleri kemeler we Orsýetde söwda deňagramlylygynyň položitel girdeji-çykdajy tapawudy dikeler, ýagny, ozalky kaddyna geler. Şonuň üçinem häzir esasy mesele — nebitiň ýagdaýynyň nähili boljagy. Soňky iki aýyň dowamynda rubl ýeterlik gowşady, häzir onuň kursy nebitiň bir barrel bahasynyň çäginde — 85-den 90 dollaryň çäginde aýlanýar. Ýöne edil şu wagt nebitiň bahasy 100 dollaryň töwereginde saklanýar. Şonuň üçinem häzir bizde walýuta bazaryny sazlamak üçin ýeterlik mümkinçiliklerimiz bar.

Gresiýanyň bergi meseleleri

Häzirlikçe bilermenler şu wagtky ýagdaýyň nämälimligine salgylanyp, dünýä ykdysadyýetindäki wakalaryň ösüşine baha bermekden saklanýarlar. Nataliýa Orlowanyň aýtmagyna görä, bazarlary sazlamak üçin, ilkinji nobatda, Gresiýanyň bergi çökgünligini çözmek boýunça Ýewropanyň ugrukdyryjylarynyň açyk, aýdyň hereketleri gerek:

—Meniň pikirimçe, häzir bazarlara nähilidir bir kesgitlilik gerek. Ýagny, gödeksi aýdanyňda, aktiwlerden dollarlara — şeýle bir asuda kenara gaçyp geçilmeginiň sebäbi (häzir olar şeýle göz öňüne getirilýär) biziň ýüzbe-ýüz bolaýjak meselelerimiziň ölçeginiň nämälimligindedir. Şonuň üçin-de Gresiýanyň bergi meseleleri bilen baglanyşykly islendik anyk karar örän möhümdir: ýurt ýewrozonada galýarmy ýa-da ondan çykýar, bergileriň restrukturizasiýasy nähili ýagdaýda alnyp barlar, şolardan näçerägi hasapdan çykarylar we banklary kim goldar. Bulardan başga-da ABŞ-a, köp babatda, megerem, ýewrozona wehim salýan resessiýanyň düýbüne düşünmek örän möhümdir — diýip, bilermen aýdýar.

Maýa ýatyryjylara Gresiýany halas etmegiň planynyň nämälimligi üçin dünýäniň maliýe bazarlaryny rahatlandyryp bolmajagy bilen “Arbat Kapital” kompaniýasynyň uprawleniýesiniň analiz bölüminiň ýolbaşçysy Sergeý Fundobnyý hem ylalaşýar. Onuň sözlerine görä, hatda bu ýurduň häzir defolt bolmagy-da şu wagtky nämälimligiň dowam etmeginden has dogry çözgüt bolardy:

—Her näme etse-de, Gresiýanyň defolt yglan etmeli boljagyna örän köp kişi düşünýär. Emma onuň möhletlerem, restrukturizasiýa mahaly bergiler boýunça hasapdan çykarylyşyň prosentleri-de, Ýewropa banklarynyň ýitgileriniň ölçegleri-de nämälim. Meniň pikirimçe, şu meseleleriň ählisiniň çözülmegi diňe bir Gresiýa çökgünliginde däl, eýsem, umuman, Ýewropanyň öz çökgünliginde-de öwrümli pursat bolardy — diýip, Sergeý Fundobnyý öz çaklamalaryny öňe sürýär.

Şol bir wagtyň özünde halkara ekspertleri şu we geljekki ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine özleriniň berýän bahalaryny eýýämden peseldýärler. Bütindünýä bankynyň yzysüre Halkara pul gaznasy-da geçip barýan hepdede şeýle netijä geldi.

Iwan Trefilow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG