Sepleriň elýeterliligi

Ýewropaly alymlar ýagtylykdan çalt hereket edýän subatom bölejiklerini dokumentleşdirdiler


"SERN-iň alymlarynyň gelen netijleri özbaşdak alnyp barlan barlaglarda tassyklansa, bu fizika ylmynyň geljegine güýçli täsir eder".

"SERN-iň alymlarynyň gelen netijleri özbaşdak alnyp barlan barlaglarda tassyklansa, bu fizika ylmynyň geljegine güýçli täsir eder".

Ýewropanyň Şweýsariýada ýerleşýän ýadro barlaglary baradaky guramasy SERN-niň alymlary özleriniň ýagtylygyň çaltlygyndan tiz hereket edýän subatom bölejiklerini dokumentleşdirendiklerini aýdýarlar. Olaryň eden açyşynyň netijeleri ylymda düýpgöter özgeriş hasaplanýar. Olar muňa özleriniň hem doly ynanyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Alymlaryň bu işi tassyklanan ýagdaýynda Albert Eýnşteýniň meşhur otnositellik teoriýasynyň deňlemesiniň düýp esasy ýalňyş bolup çykýar. Eýnşteýniň teoriýasy boýunça, ýagtylygyň çaltlygyndan tiz hereket edýän hiç zat ýok.

Ýewropanyň ýadro barlaglary baradaky merkeziniň bu aýdýanlaryna dünýäniň beýleki fizikleri şübheli garaýarlar. Hakykatda bolsa Şweýsariýadaky alymlaryň özi hem “biz bir açyş etdik” diýip, gykylyk turzanoklar. Tersine, olar edilen üç ýyllyk gözleg we toplanan maglumatlardan soň, tutuş dünýä fiziklerinden özleriniň bu “neýtronlar” diýilýän täsin subatom bölejikleri baradaky ölçeglerini özbaşdak barlamagy soraýarlar.

SERN-niň sözçüsi Jeýmes Gilliesiň aýtmagyna görä, dünýäniň beýleki fizikleri eksperimentiň gurnalyşynda, peýdalanylan gurallarda ýa maglumatlary analizlemek üçin ulanylan metodda bir ýalňyşlyk bardyr diýen pikirden ugur alýarlar:

—Ylymda bular ýaly zatlar köp bolýar. Mysal üçin, bir barlag adatdan daşary bir zady görkezýär. Onsoň seniň edýän ilkinji işiň ‘muňa, dogrudanam, özümiz hem ynanamzok’ diýmek bolýar. Şondan soň eksperiment üçin ulanylan enjamlar, analizler we beýleki tehnikalar bilen muňa düşünmäge synanyşýarsyň. Köp halatlarda bir sadaja düşündiriş tapylyp, ýaňky garaşylmadyk gözleg gidýär. Ýöne kämahallar beýle bolmaýar. Häzirki ýagdaýda hem bolan zat şu. Hyzmatdaşlyk edýänler oňa öz enjamlarynyň üsti bilen düşünmek üçin bu maglumatlary gaty köp analizlediler. Ýöne üýtgän zat bolmady. Indiki edilmeli iş muny köp alymlaryň barlamagyna bermek. Bu hem şu wagt edilýär — diýip, Gillies aýdýar.

Eýnşteýniň teoriýasy boýunça, ýagtylygyň çaltlygyndan tiz hereket edýän hiç zat ýok.



Gilliesiň bellemegine görä, eksperimentde bir säwlik bolaýmasyn diýip, alymlar olaryň gelen netijelerini öwran-öwran gözden geçiripdirler:

—Otnositellik bir asyra golaý synagdan geçen zat. Ol barlanmadyk zat däl. Barlag edildi. Otnositellik barada uzak wagtlap ölçegler, eksperimentler, gözlegler boldy. Bu kosmiki çaltlyk çägini aşjak bir zadyň bardygyny şu wagta çenli görkezen zat ýok. Şol sebäpden bu şu wagta çenli bolan zatlara ters gelýär. Bu ol ýalňyş diýildigi däl. Ýöne alymlaryň arasynda muňa başga bir düşündiriş bolmagy mümkin diýen duýgy bar — diýip, Gillies belleýär.

Gillies SERN-iň alymlarynyň gelen netijleri özbaşdak alnyp barlan barlaglarda tassyklansa, munuň fizika ylmynyň geljegine güýçli täsir etjekdigini aýdýar:

—20-nji asyryň uly kynçylyklarynyň biri döwrebap fizikanyň uly böleginiň öten asyryň irki böleginde peýda bolan iki sütüne esaslanmagyndan gelip çykýar. Bularyň biri otnositellik, beýlekisi hem kwant mehanikasy. Otnositellik agyrlyk teoriýasy. Emma agyrlygyň kwant teoriýasy ýok. Şol sebäpden bu iki zady barlyşdyrmak döwrebap fizikanyň iň möhüm maksady bolmasa-da, möhüm maksatlarynyň biridir. Şular ýaly zatlar tapylsa, onda munuň döwrebap fizikanyň iki esasy sütünini barlyşdyrmga bir ýol açmagy mümkin. Ýöne ilki bilen edilmeli iş bu gözlegiň dogry ýa nädogrudygyny bilmek — diýip, Gillies aýdýar.

Ýöne, Gilliesiň çaklamagyna görä, özbaşdak barlagyň netijeleri tamamlanýança, bu gözleg iň azyndan ençeme aýa ýa ençeme ýyla çeker.
XS
SM
MD
LG