Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl palestin döwletliligi tassyklansa, netijesi erbet bolar diýýär


Ysraýylyň daşary işler ministri ýekşenbe güni “eger BMG Palestinanyň döwletliligini tassyklasa, munuň netijesi erbet bolar” diýdi.

Awigdor Liberman ysraýyl radiosynda gürläp, Palestinanyň döwletlilik talabyna Howpsuzlyk geňeşi ýa Baş Assambleýa tarapyndan islendik baş atma “şübhesiz Ysraýylyň reaksiýasyny döreder” diýdi.

Müsür we Ispaniýa şenbe güni Baş Assambleýanyň sessiýasynda eden çykyşlarynda Palestinanyň döwletlilik talabyny goldadylar.

Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas anna güni Baş Assambleýadan BMG-niň doly agzalygyny formal taýdan talap etdi. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi bu arzany birinji gün ara alyp maslahatlaşmaly.
XS
SM
MD
LG