Sepleriň elýeterliligi

Saud patyşasy aýallara saýlaw hukugyny berdi


Saud Arabystanynyň patyşasy Abdylla ýekşenbe güni öz ýurdunda aýallaryň ilkinji gezek saýlawlarda saýlamak we saýlanmak hukugyna eýe bolýandygyny, olaryň bu meselede azatdygyny yglan etdi.

Ýurduň konsultatiw Şura geňeşinde çykyş eden patyşa Abdylla 2013-nji ýylda geljekki tapgyr başlananda 150 orunly geňeşe aýallaryň hem bellenjegini aýtdy.

Şeýle-de aýallar 2015-nji ýyldan başlanýan munisipal saýlawlara, ýurduň ýeke-täk saýlawyna hem gatnaşyp, saýlanyp we saýlap bilerler.
XS
SM
MD
LG