Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan şahyrlary türkmen senzurasyna protest bildirdi


Şenbe güni Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň öňünde sowet ýyllarynda ruhy hassahanada ýogalan dissident şahyr Annasoltan Kekilowanyň iňlisçä terjime edilen goşgusy okaldy.

“Split this rock” atly şahyrlar guramasynyň başlygy Sara Brauniň bu çäräniň şahyrlaryň we halkyň sesini bogýan hökümetleriň üçüsiniň, Türkmenistanyň, Birmanyň we Ýemeniň Waşingtondaky ilçinalarynyň öňünde, şol ýurtlardaky senzura protest bildirmek üçin geçirilendigini aýdýar.

Şeýle-de ol bu çäräniň bütin dünýä boýunça guralan şahyrlar protestiniň bir bölegidigini, bu herekete müňlerçe şahyryň ses goşýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG