Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Birleşen Ştatlardan dolanyp geldi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Birleşen Ştatlara saparyndan dolanyp geldi.

Türkmen metbugaty döwlet baştutanynyň Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda eden çykyşynyň Birleşen Milletler Guramasynda uly gyzyklanma döredendigini ýazýar.

Türkmen lideri Nýu-Ýoka saparynyň dowamynda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso, Türkmen-Amerikan biznes geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Boeing” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Jeýms Albaý dagy bilen hem duşuşdy.

Berdimuhamedow saparynyň soňky gününde sungat muzeýi bolan “Metropolitene” hem baryp gördi.
XS
SM
MD
LG