Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa türmesiniň golaýyndan mazarlyk tapyldy


Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň resmileri ýekşenbe güni paýtagt Tripoliniň günorta böleginde ýerleşýän Abu Salim türmesiniň golaýyndan köpçülikleýin adam jaýlanan mazarlygy tapandyklaryny aýtdylar.

Ol ýerden 1200-den gowrak adamyň jesedi tapylypdyr.

Geçiş geňeşiniň resmileri ol jesetleriň Abu Salim türmesinde 1996-njy ýylda bolan pitneden soň jaýlanan adamlaryňkydygyny aýdýarlar.

Abu Salim türmesinde köplenç Muammar Kaddafiniň režiminiň garşydaşlary saklanýan eken.
XS
SM
MD
LG