Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň hem Ukrainanyň prezidentleri duşuşdylar


Orsýetiň hem Ukrainanyň prezidentleri Dmitriý Medwedew bilen Wiktor Ýanukowiçiň arasynda şenbe güni geçirilen duşuşykda belli bir ylalaşyk gazanylandygyny Orsýetiň prezidentiniň metbugat-sekretary Natalýa Timakowa habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şol duşuşykdan soň “Gazpromyň” hem Ukrainanyň Energetika ministrliginiň baştutanlarynyň gepleşikleri geçirilip, Ukrainanyň üstünden gaz akdyrmak meselesinde “iki tarap üçinem bähbitli” öňegidişlik gazanylypdyr.

Soňky döwür ukrain ýolbaşçylary öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň döwründe gol çekilen ylalaşyga ýaňadan seretmäge aýak direýär.
XS
SM
MD
LG