Sepleriň elýeterliligi

Owganystan Pakistany raketa atmakda aýyplaýar


Ýekşenbe güni Owganystanyň Goranmak ministrligi owgan territoriýasyny oka tutmakda Pakistany aýyplady. Oka tutuşlykda ölenler bar.

Eger serhetde atyşyklar bes edilmese, Kabulyň jogap çärelerini görjekdigini owgan häkimiýetleri Pakistana duýdurdy.

Geçen hepdäniň çarşenbe gününden bäri Kunar welaýatynyň territoriýasyna 500 töweregi raketadyr top okunyň atylandygyny, alty jaýyň, iki metjidiň weýran bolandygyny, 100-den gowrak adamyň başga ýerlere göçürilendigini welaýat häkimi Faýzulla Wahidi habar berdi.

Pakistan goşunlary bilen owgan söweşijileriniň arasynda çaknyşyklar bolup, onuň şenbe gününe çenli dowam edendigini Pakistanyň Goranmak ministrligi habar berdi we owgan territoriýasynyň oka tutulandygy baradaky habary inkär etdi.
XS
SM
MD
LG