Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saleh prezident saýlawlaryny ir geçirmäge razy


Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh bazar güni milli telewideniýe boýunça eden çykyşynda Ýemende möhletinden öň prezident saýlawlaryny geçirmäge razydygyny aýtdy.

Saleh üç aýlyk bejergi alan ýurdy Saud Arabystanyndan gaýdyp gelenden soň eden ilkinji çykyşynda öz garşydaşlaryny “gepleşiklere gelmäge we häkimiýeti parahatçylykly ýollar bilen tabşyrmaga düşünmäge” çagyrdy.

Şol bir wagtda-da Saleh möhletinden öň saýlawlaryň haçan geçiriljekdigi barada dil ýarmady. Ýylyň başyndan bäri Ýemende dowam edýän protest aksiýalaryna gatnaşyjylar bolsa Salehden eglenmezden häkimiýeti terk etmegi talap edýärler.

Prezident ýurda gaýdyp gelenden soň Ýemende howpsuzlyk güýçleri bilen harbylaryň bir bölegi hataryna goşulan oppozisiýanyň arasynda çaknyşyklar täze güýç bilen tutaşdy.
XS
SM
MD
LG