Sepleriň elýeterliligi

Britaniýada terrorizmde güman edilýän 6 adam saklandy


Beýik Britaniýada terrorizme gatnaşykda güman edilýän 6 adam saklandy.

Ýekşenbe güni polisiýanyň beren maglumatyna görä, tussag etmek Birmengem etrabynda, uly kontrterroristik operasiýanyň çäklerinde geçirildi.

Saklananlaryň dördüsi geçen ýylyň 25-nji dekabryndan şu ýylyň 19-njy sentýabryna çenli aralykda terroristik akty taýýarlamakda, ýene ikisi terroristler baradaky maglumaty ýaşryn saklamakda aýyplanýar.

Saklananlaryň ählisi duşenbe güni Günbatar Londonyň magistrat suduna çekiler.
XS
SM
MD
LG