Sepleriň elýeterliligi

BMG-de Palestinanyň garaşsyzlygy meselesine serediler


Duşenbe güni Palestina döwletiniň garaşsyzlygyny ykrar etmek meselesi boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde konsultasiýalaryň başlanmagyna garaşylýar.

Şu mesele goýulsa, rezolýusiýanyň proýektine weto goýjakdygyny Birleşen Ştatlar mundan öň mälim edipdi. Ýöne palestinliler, goý çäkli bolsun, öz garaşsyzlygynyň sesleriň ýönekeý köplügi bilen ykrar edilmegi baradaky haýyş bilen BMG-niň Baş Assambleýasyna ýüz tutup biler.

Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman mundan öň BMG-e palestinlileriň arzasyna seretmekden saklanmalydygyny aýdyp, onuň ýaramaz netijelere getirjekdigini duýdurdy.

Iordan derýasynyň günbatar kenarynda, Ramallahda müňlerçe adam Palestina awtonomiýasynyň baştutany Mahmud Abbasy dabara bilen garşylady. Ol anna güni BMG-e garaşsyzlygyň ykrar edilmegi baradaky arzany gowşurypdy.
XS
SM
MD
LG