Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran türmesinden boşadylan iki amerikan ýurduna bardy


Içalyçylykda aýyplanyp, 2009-njy ýyldan bäri iki ýyl gowrak Eýran türmesinde oturan, ýekşenbe güni Birleşen Ştatlara gaýdyp baran 29 ýaşly iki amerikan graždany diňe amerikaly bolany üçin özleriniň tussaglykda saklanandygyny aýtdy.

“Biziň ýakynlaramyzdan gelen hatlaryň özümize berilmegi üçin birnäçe gezek açlyk yglan etmeli bolduk. Ewin türmesinde oturan wagtymyz beýleki tussaglaryň ahy-nalasyny eşitdik, olary urýardylar, ýöne biziň olara edip bilýän kömegimiz ýokdy” diýip, Joş Fattal aýtdy.

Bu iki adam üçin Oman häkimiýetleri bir million dollar girew töländen soň, olar boşadyldy hem Omana ugradyldy. Özleriniň uzak wagtlap eýran türmesinde saklanmagynyň sebäbiniň 30 ýyl gowrak wagt bäri ABŞ bilen Eýran arasynda dowam edýän duşmançylykdygyny Şeýn Bauer aýtdy.

Olara geçen aý 8 ýyl türme tussaglygy berlipdi. ABŞ olaryň içaly däldigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG