Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: türkmen ilçihanasynyň öňünde Annasoltan Kekilowanyň goşgulary ýaňlandyryldy


“Split This Rock” atly şahyrlar guramasynyň ýolbaşçysy Sara Brauniň Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň öňünde, 24-nji sentýabr.

“Split This Rock” atly şahyrlar guramasynyň ýolbaşçysy Sara Brauniň Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň öňünde, 24-nji sentýabr.

Ýer – Waşingtonda ýerleşýän Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňi. Sowet ýyllarynda ruhy hassahanada ýogalan dissident şahyr Annasoltan Kekilowanyň goşgularynyň iňlis diline terjime edilen nusgasy ýaňlanýar. Ony Birleşen Ştatlaryň “Split This Rock” atly şahyrlar guramasynyň ýolbaşçysy Sara Brauniň seslendirýär.

Annasoltan Kekilowa 60-njy yyllaryň ahyrynda Türkmenistanda "demokratiýa" sözüni agzan ilkinji şahsyýet hasaplanýar.
Asmanda çaknyşyp sowuk bulutlar,
Güýçli ýel syrygyp, gar köwsarlaýar.
Meň kalbymda bolsa uçgun tutaşyp,
Ýanyp duran küre ýaly lowlaýar.

Azaşýan ýol tapman doňak tokaýda,
Dodaklarym kepäp,
Ýalaýan gary.
Ýüregim gananok,
Ýene men teşne.
Gaýyp ýör depämde gara gargalar,
Soraýan olardan:
- nirede çeşme?!

Gargalar gygyrýar:
“gak, gak-da, gak-gak”.
Göwnüme bolmasa, diýýärler olar,
“Gözleme gyz, bu tokaýda çeşme ýok”.

Onda men nätmeli,
Nirä gitmeli?!
Gargalar tokaýdan
Ugradyň meni.

Gargalar gygyrýar ýene-de – gak –ga!-
Belki diýýändirler:
-Ugratmarys, ýok.
Ah, bular göwnüme
Gury hyýaldyr.
Ol gargalar meni,
Görýänem däldir.

Sowuk ýel şuwlady,
Gargalaň sesi,
Bu uly tokaýda birhili, tukat.
Küýsäp, dury çeşmäň sowuk suwyny,
Ýene meň kalbymda lowlaýar şol ot.

Daň agardy, ýatdy uly hasrat,
Menem çykdym dury çeşmäň ýoluna.
Ýöne henizlerem ýatlap gynanýan –
Düşünemok gargalaryň diline.

Bu çäre 24-nji sentýabrda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda 15 töweregi amerikan aktiwistleriniň we şahyrlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.



Bu çäre 24-nji sentýabrda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda 15 töweregi amerikan aktiwistleriniň we şahyrlarynyň gatnaşmagynda geçirildi we senzura garşy gönükdirilen tagallalaryň çäginde amala aşyryldy.

Diňe Türkmenistan däl, şeýle çäreler senzura boýunça ady Türkmenistan bilen bir kategoriýa girizilýän we ýapyk ýurtlardan biri diýlip hasaplanýan Birmanyň Waşingtonda ýerleşýän ilçihanasynyň öňüne hem geçirildi. Şol ýerde birmaly meşhur dissident şahyr Kýi Maý Kauň öz goşgularyny okady.

Aktiwistler we şahyrlar Ýemeniň ilçihanasynyň öňünde hem jemlenişip, şol ýerde meşhur ýemenli dissident şahyr Mohammed al-Kadudyň “Umyt” atly goşgusyny diňlediler.

24-nji sentýabr şenbe günine gabat gelenligi üçin, ilçihanalar ýapykdy. Emma Sara Brauniň bu çäränip repressiw ýagdaýda öz döredijilik işleri bilen meşgullanýan şahyrlary goldamaga gönükdirilen simwoliki ädimdigini aýtdy.

Sara Brauniň 24-nji sentýabryň şahyrlaryň parahatçylyk, adalatlylyk we ygtybarlylyk üçin çykyş edýän günüdigini aýdyp, şeýle çäreleriň tutuş dünýäde geçirilendigni belledi:

–Bu güne parahatçylyk we ygtybarlylyk üçin şahyrlaryň aýaklanan güni diýip baha berilmeli. Bu çärä tutuş dünýä boýunça müňlerçe şahyr we aktiwist gatnaşýar. Meselem, Meksikanyň paýtagtynda şu gün 14 ýerde dabara gurnalýar. Beýleki ýerlerde bolşy ýaly, meksikaly aktiwistler we şahyrlar hem ünsi çekmek üçin özleri we şol ýurt üçin möhüm diýlip hasaplaýan temalary saýlan bolmaly. Biz hem Türkmenistan we beýleki ýurtlarda dowam edýän senzura ünsi çekmäge synanyşdyk. Bu juda möhüm bir mesele, sebäbi döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň öz eserlerini paýlaşmaga we muşdaklary bilen duşuşmaga mümkinçiligi bolmasa, çeper döredijilik işi dowam etmez. Türkmenistanyň we beýleki käbir ýurtlaryň Waşingtondaky ilçihanalarynyň öňüne ýygnanyşyp, dissident şahyrlaryň goşgularyny okamagymyzyň we diňlemegimiziň maksady şol senzura ünsi çekmekden ybaratdyr.

Brauniň bu çäräniň şol bir wagtyň özünde amerikan raýatlaryna hem gönükdirilendigini belläp, şahyrlara goşgy ýazmaga rugsat edilmeýän ýurtlar bilen Waşingtonyň dostlukly gatnaşyk gurýanlygyna halkyň ünsüni çekmäge synanyşýandyklaryny aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG