Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda 6-njy Halkara kitap sergisi öz işini tamamlady


Ýekşenbe güni Aşgabatda 6-njy Halkara kitap sergisi we ýarmarkasy öz işini tamamlady.

Aşgabadyň Sergiler merkezinde üç gün dowam eden bu kitap sergisine dünýäniň 20-ä golaý ýurdunyň neşirýatlarynyň neşir önümleri gatnaşdy. Oňa gatnaşan ýurtlaryň hatarynda Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Awstriýa, Wengriýa, Rumyniýa, Turkiýe, Eýran, Hindistan, Orsýet, Ukraina, Belarus, Gazagystan we Azerbaýdjan ýaly ýurtlar hem bar.

Bu kitap sergisinde Ukrainanyň Döwlet tele-radiogepleşikler komitetiniň neşir we metbugat bölüminiň direktory Alekseý Kononenko “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine beren interwýusynda Ukrainada türkmen eposlaryna we folkloryna bagyşlanylan ýörite kitabyň çapa taýýarlanylýandygyny aýtdy.

Alekseý Kononenkonyň aýtmagyna görä, ukrain dilinde çapdan çykjak bu kitap "Belaýa ýurta" ("Ak öý") diýlip atlandyrylar.
XS
SM
MD
LG