Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky ABŞ ilçihanasynyň ýerli işgäri bir amerikany öldürdi


Ýekşenbe güni agşam Birleşen Ştatlaryň Kabuldaky ilçihanasy bu ilçihananyň bir ýerli işgäriniň Birleşen Ştatlaryň bir raýatyny öldürip, ýene birini ýaralanandygyny habar berdi.

Maglumata görä, bu wakada ilçihanada işleýän bir ýerli raýat bir amerikan raýatyny atyp öldürip, ýene birini ýaralapdyr.Wakada hüjüm edenin hem atylyp öldürilendigi habar berilýär.

Bu hüjümiň nähili matlaplar bilen baglanyşyklydygy we kim tarapyndan gurnalan bolmagynyň mümkindigi barada häzirlikçe hiç hili garaýyş öňe sürülmedi.
XS
SM
MD
LG