Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bakuda boks boýunça dünýä çempionaty açyldy


Duşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda boks boýunça dünýä çempionaty açyldy.

Bu wakanyň öňýany BBC telewideniýesi Azerbaýjanyň häkimiýetlerini bu ýurduň boksçylaryny geljek ýylky olimpiadada ýeňiji etmek üçin Halkara Boks Federasiýasyna para berenlikde aýyplaýjy materialy efire berdi. Bu maglumat käbir dawalara sebäp boldy.

Duşenbe güni Azerbaýjanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri we ýurduň boks federasiýasynyň ýolbaşçysy Kamaladdin Heýdarow ýerli habar serişdelerine beren interwýusynda bu bildirilýän aýyplamalary ret etdi.

BBC habar gullugy Azerbaýjan tarapynyň Halkara Boks Federasiýasyna bikanun ýollar bilen 9 million dollar töweregi serişde geçirendigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG