Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa: Sirtedäki harby nokatlara zarba uruldy


NATO-nyň resmileri ýekşenbe we duşenbe güni Liwiýanyň ozalky lideri Muammar Kaddafiniň dogduk şäheri bolan Sirte şäherindäki ençeme nokatlara garşy howa hüjüminiň amala aşyrylandygyny mälim etdiler.

Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň esasy jemlenen şäherleri bolan Bani Walid we Sirte şäherlerini ele almak üçin oppozision söweşijiler soňky günler aldym-berdimli söweş alyp barýarlar.

NATO-nyň resmileri ýekşenbe güni edilen howa hüjümlerinde Sirte şäherindäki ýarag ammarlarynyň, ulag parklarynyň we käbir harby nokatlaryň nyşana alnandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG