Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidentligine dalaşgärleriň kampaniýasy başlandy


Ýekşenbe güni Gyrgyzystanda 30-njy oktýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlary üçin dalaşgärleriň resmi agitasiýa kampaniýasy başlandy.

Başda prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmek üçin 80-den gowrak adam özüni hasaba aldyrypdy. Ýöne Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy gyrgyz dili boýunça geçirilen ekzamenlerden hem-de dokument işleri boýunça geçirilen barlaglardan soň, 20 sany dalaşgäriň saýlawlara gatnaşmaga resmi mümkinçilik alandygyny mälim etdi.

Bu 20 dalaşgäriň arasynda ýurduň premýer-ministri Almazbek Atambaýew we tanymal syýasatçylar Kamçybek Taşiýew, Adakhan Madumarow ýaly şahsyýetler-de bar.

Gyrgyzystanyň häzirki wagtlaýyn prezidenti Roza Otunbaýewa bu prezidentlik saýlawlaryndan soň, 31-nji dekabrda öz wezipesinden çekiler.
XS
SM
MD
LG