Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde özbek aktiwisti, biznesmen atylyp öldürildi


Orsýetiň Iwanowo şäheriniň polisiýa resmileri geçen şenbe güni bu şäherde Özbegistanyň oppozision Halk Hereketiniň aktiwisti, biznesmen Fuad Rustamhojaýewiň atylyp öldürilendigini mälim etdiler.

Organ işgärleriniň aýtmagyna görä, Fuad Rustamhojaýew Iwanowa şäherindäki öz öýüniň öňünde näbelli adam tarapyndan birnäçe gezek kellesine atylan okdan ölüpdir.

Orsýetiň kanun goraýjy resmileri özbegistanly aktiwistiň öldürilmeginiň onuň biznes ýa-da syýasy işleri bilen baglanyşyklydyr diýlip çaklanylýandygyny mälim etdiler.

38 ýaşly Fuad Rustamhojaýew Özbegistanyň oppozision Halk Hereketini esaslandyryjylardan biri hasaplanylýar. Ol 2005-nji ýylda Orsýetiň raýatlygyny alypdy.
XS
SM
MD
LG