Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Hytaýyň howpsuzlyk ministrini kabul etdi


26-njy sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Hytaýyň wekilçilikli delegasiýasyna baştutan bolup Aşgabada gelen Hytaýyň jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri Meň Jaýanžuny we Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Çen Gopini kabul etdi.

Döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň perspektiwalary boýunça pikir alyşmanyň çäklerinde türkmen prezidenti we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçlikleriniň bardygyny bellediler.

Diňe bir nebit-gaz pudagynda däl, beýleki ugurlarda, şol sanda transport, himiýa, gurluşyk ýaly pudaklarda, tekstil, azyk senagatynda we şuňa meňzeşlerde işewür partnýorlygy ösdürmek ugrunda Türkmenistanyň we Hytaýyň çykyş edýändigi bellenip geçildi diýip, TDH habar berýär.
XS
SM
MD
LG