Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewropadaky bergi krizisi dünýäni gorkuzdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ýewropadaky bergi krizisiniň dünýäni gorkuzýandygyny, bergi problemasyny gysga wagtda çözmek üçin ýewrozolagyň liderleriniň ýeterlik alada etmändiklerini aýtdy.

“Ýewropa ýurtlary 2007-nji ýylyň krizisinden doly aýňalyp bilmediler, bank sistemasynyň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryny aradan aýryp bilmediler. Tutuş dünýä boýunça ykdysadyet çalt depgin bilen ösenok” diýip, Obama aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şu ýyl ABŞ-nyň ykdysadyýetinde tutuş dünýädäki ýagdaý, şol sanda ençeme arap döwletlerinde halk çykyşlary bilen bagly yza gaýdyş göze ilýär. Şol çykyşlar nebitiň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi.

Ýewropa döwletlerindäki, ozaly bilen Gresiýadaky ykdysady kynçylyklar alada döretdi. ÝB tarapyndan işlenip düzülýän Gresiýa maliýe kömeginiň täze plany baradaky habarlaryň fonunda duşenbe güni ABŞ-nyň we Ýewropanyň pul bazarlarynda aksiýalaryň bahasy ep-esli galdy.

Ýewrozolagyň maliýe ministrleriniň maslahat edýän çäreleriniň arasynda Ýewropanyň durnuklaşdyryş fonduny 440 milliarddan 2 trillion ýewro çenli birden galdyrmak bar. Şeýle-de Gresiýanyň döwlet bergisiniň ýarpysyny geçmek göz öňünde tutulýar.

Ençeme ekspertleriň pikiriçe, bu çäreler Gresiýany çökmekden halas eder. Şol howp sebäpli soňky hepdeler pul bazarlarynda durnuksyzlyk emele gelipdi.
XS
SM
MD
LG