Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň gazgeçiriji turbasynda partlama boldy


Müsürde Demirgazyk Sinaýyň paýtagty El-Arişa şäheriniň golaýynda Ysraýyla we Iordaniýa gaz akdyrylýan turbada sişenbe güni irden partlama boldy.

Ýerli lukmanlaryň maglumatyna görä, ýangyn ýaraly bir adam keselhana getirilipdir.

Müsür gazynyň Ysraýyla satylmagyna garşy çykýanlaryň bu partlamany amala aşyrandygy çak edilýär.

Şu ýylyň fewralynda halk gozgalaňlary netijesinde Hosni Mubarek häkimiýeti terk edeli bäri goňşulara gaz akdyrýan turbada bu hadysa dördünji partlamadyr.

Soňky aýlar Müsür bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklar birden ýaramazlaşdy.
XS
SM
MD
LG