Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew wise-premýer Kudrini işden boşatdy


Orsýetiň hökümet başlygynyň orunbasary hem maliýe ministri Alekseý Kudrin wezipeden çekilýändigi baradaky arzasyny özi ýazmady, premýer-ministr Wladimir Putiniň teklibi bilen prezident ony işden çykardy diýip, Dmitriý Medwedewiň metbugat-sekretary Natalýa Timakowa aýtdy.

Mundan öň Kudrin prezident Medwedew wezipeden çekilmegi çeklip edenden soň arza ýazandygyny aýdypdy.

Geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlarynda Putin ýeňiş gazansa, Medwedewiň hökümete baştutanlyk etjekdigi mälim bolandan soň, Kudrin Medwedew bilen oňşuksyzlyklary sebäpli onuň kabinetinde işlemäge özüniň taýýar däldigini aýdypdy.

Alekseý Kudrin maliýe ministriniň kürsüsini Orsýet hökümetinde 10 ýyl gowrak wagt bäri eýeläp gelýärdi.
XS
SM
MD
LG