Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada daşary ýurt nebit kompaniýalary işläp başlady


Liwiýanyň nebit ýataklarynda daşary ýurt kompaniýalary özleşdiriş işine ýaňadan başladylar. Ýurtdaky ýaragly konfliktler sebäpli bu prosesiň arasy kesilipdi.

Bengaziden 300 kilometr daşlykda, Abu-Attifel ýatagynda 15 nebit guýusyny gazyp başlandygyny Italiýanyň ENI konserni habar berdi. Ýakyn wagtlarda ENI beýleki obýektlerde-de işe täzeden girişmegi planlaşdyrýar. Fransiýanyň “Total” kompaniýasy-da işe başlady.

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň goşunlary ýurduň köp bölegine kontrollygy öz eline alandan soň bu iş mümkin boldy. Olar Kaddafiniň dogduk şäheri Sirtä täzeden hüjüme başladylar.

Hüjümler birnäçe ugur boýunça alnyp barylýar. Kaddafiniň tarapdarlary gazaply garşylyk görkezýärler. Duşenbe güni NATO-nyň awiasiýasy olaryň pozisiýalaryna birnäçe zarby urdy.

Eger Sirtäni almak başartsa, ol täze Liwiýa häkimiýetleri üçin tutuş ýurda kontrollyk etmekde uly üstünlik bolar. Täze hökümet wekilleri Kaddafide garşylyk görkezmege heniz mümkinçiligiň bardygyny aýdýarlar.

“Kaddafi heniz azatlykda, onuň puly, gyzyly köp. Bu bolsa diňe bir meniň ýurdumda däl, tutuş regionda ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga öňküleri ýaly ýardam edip biler diýen pikiri döredýär. Afrika kontinentiniň çäklerinden daşarda-da Kaddafi terroristik işlere goşulyp biler diýsek, ulaldyp aýtdygymyz bolmaz” diýip, Liwiýanyň täze hökümetinde preýmer-ministr Mahmud Jibril aýtdy.
XS
SM
MD
LG