Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda halkara saýlaw tejribeleri boýunça seminar geçirildi


Aşgabatda saýlawlar boýunça halkara tejribelerine bagyşlanylan ýörite seminar geçirildi.

Bu iki günlük forum Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy we Daşary işler ministrligi, şeýle hem Türkmenistandaky habar serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça BBC dünýä gullugy tarapyndan amala aşyrylýan ýörite proýekt tarapyndan gurnaldy.

Aşgabatda gurnalan bu seminaryň esasy maksady Merkezi saýlaw komissiýasynyň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň işini sazlaşdyrmak meselesinde halkara tejribelerini öwrenmekden ybarat.

Seminaryň işine Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýanynda media bilen işleşmek boýunça döredilen ýörite toparyň wekilleri gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG