Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda terrorizmde aýyplanýan dört adam sud edilýär


Sişenbe güni Gazagystanyň Aktobe oblast sudunda terrorizmde aýyplanylýan dört adamyň işi boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Suduň metbugat sekretary Gülnur Simatowa Gazagystanyň bu dört raýatyna terrorizmde, adam öldürmekde we bikanun ýarag saklamakda aýyplama bildirilýändigini aýtdy.

Ol bu raýatlaryň ýakynda Aktobe oblastynyň Temir raýonynda polisiýa güýçleri bilen atyşyklara dahylly diýlip hasaplanylýandygyny mälim etdi.

Şol gürrüňi edilýän atyşyklarda iki polisiýa işgäriniň ölendigi habar berlipdi.

Gülnur Simatowa bu aýyplanýanlaryň adyny aýtmakdan saklandy.

Gazagystanyň häkimiýetleri şu ýylyň maý aýyndan bäri ýurduň günbatar regionynda terrorizmde güman bildirilip 30 töweregi adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG