Sepleriň elýeterliligi

BMG: özbek diplomaty gyrgyz wakalaryna ünsi çekdi


Duşenbe güni Özbegistanyň daşary işler ministri Elýor Ganiýew BMG-niň Baş Assambleýasyna eden ýüzlenmesinde Gyrgyzystanda ýüz beren geçen ýylky etniki çaknyşyklar bilen bagly meselä ýene ünsi çekdi.

Hususan-da, Elýor Ganiýew Gyrgyzystanda ýerli etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda ýüze çykan şol çaknyşyklar boýunça tä düýpli derňewler geçirilýänçä, bu ýurtdaky etniki dartgynlylygyň aradan aýrylmajakdygyny nygtady.

Şeýle hem, ol şol ýüze çykan wakalardan soň, bu çaknyşygy gurnaýjylary we oňa buýruk berenleri anyklamak üçin syýasy we kanuny ädimleriň ädilmändigini aýtdy.

Geçen ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň günortasynda ýüze çykan şol etniki çaknyşyklarda 400-den gowrak adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG